Koronawirusa Garşy Sanjym Taýarlan Türk Alymlary BMG-da Çykyş Eder

“Türk alymlary Şahin bilen Türeji BMG-nyň Baş Assableýasynyň Kowid oturlyşygynda çykyş etmegi kabul etdiler”

1528875
Koronawirusa Garşy Sanjym Taýarlan Türk Alymlary BMG-da Çykyş Eder

 

BMG-nyň 75-nji Sessiýasynyň Baş sekretary Wolkan Bozkyr, täze görnüş koronawirusa garşy sanjym taýarlan nemes biýotehnaloiýa firmasy BioNTtechiň esaslandyryjylaryndan Prof. Dr. Ugur Şahin bilen Özlem Türejini dekabr aýynyň 3-4-i aralygynda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasyna çagyrdy.

Bozkyr Twitterden beren habarnasynda, türk alymlary Şahin we Türeji bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirendigini we bütin dünýäny umytlandyran sanjymlary üçin gutlandygyny belledi.

Wolkan Bozkyr, “Türk alymlary Şahin bilen Türeji BMG-nyň Baş Assableýasynyň Kowid oturlyşygynda çykyş etmegi kabul etdiler” diýdi.

Nemes biýotehnaloiýa firmasy BioNTtechiň koronawirusa garşy taýarlan sanjymynyň netijeligininiň 90 göterimden ýokardadygy habar berlipdi.



Degişli Habarlar