Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 55 million 956 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 38 million 971 müň adama ýetdi

1529681
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 55 million 956 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 343 müň 600 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 55 million 956 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 38 million 971 müň adama ýetdi. 

Yrakda Erbil welaýatynyň gubernatory Ferset Sofi, koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogaldy. 

Afrika materiginde Kovid-19-yň iň köp hasaba alynan ýurdy bolan Günorta Afrikada 35 müň 490 lukman wirusa ýolukdy. 338 lukman ýogaldy. Ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 20 müň 314 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 752 müň 209 adama ýetdi.



Degişli Habarlar