Dünýäde Kovid-19 bilen kesellänleriň sany 54 million 863 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 38 million 164 müň adama ýetdi

1528517
Dünýäde Kovid-19 bilen kesellänleriň sany 54 million 863 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 325 müň adamdan geçdi. Dünýäde wirus ýokanlaryň sany 54 million 863 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 38 million 164 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 130 müň 109 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 million 845 müň adama ýetdi. 

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 41 müň 493 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 762 müň 68 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli Russiýada şu günki güne çenli 33 müň 489 adam ýogaldy. Ýurtda hasaba alynanlaryň sany bolsa 1 million 948 müň adama ýetdi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 275 adamlyk artyş bilen 47 müň 438 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 12 müň 468 adamlyk artyş bilen 1 million 987 müň 732 adama ýetdi. Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 20 müň 241 adama, Müsürde 6 müň 453 adama, Marokkoda 4 müň 779 adama ýetdi. 

Alžirde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 154 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 67 müň 679 adama ýetdi. Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbunyň Germaniýada koronawirusa garşy alan bejergisi tamam boldy.



Degişli Habarlar