Russiýa Daglyk Garabagda Hüjümleriň Bes Edilmegine Kanagatlanma Bildirdi

Wladimir Putin Daglyk Garabagda hüjümleriň bes edilmegine kanagatlanma bildirdi

1525256
Russiýa Daglyk Garabagda Hüjümleriň Bes Edilmegine Kanagatlanma Bildirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Daglyk Garabagda hüjümleriň bes edilmegine kanagatlanma bildirdi

“Eden soňky başlangyjymyzyň bilen Azerbaýjanyň we Ermenistanyň halklary üçin uzak möhletli parahatçylygy üpjün etmegini tama edýärin” diýdi.

Wlamir Putin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitine wideokonferensiýa arkaly gatnaşyp, düýn gije Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyk karary hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.

Garabagda başdan geçirilenleri “tragediýa” hökmünde häsýetlendiren Putin: “Ganyň dökülmeginiň öňüni aljak ylalaşyk ganandygymyzy kanagatlanma bilen beýan edesim gelýär. Eden soňky başlangyjymyzyň Azerbaýjanyň we Ermenistanyň halklary üçin uzak möhletli parahatçylygy üpjün etmegini tama edýärin” diýdi.

Azerbaýjan we Ermenistan şu gije Türkiýe wagty bilen sagat 00:00-dan başlap hüjümleriň bes edilmegi boýunça şertnama baglaşypdy.

Ylalaşyga laýyklykda Azerbaýjan we Ermenistan gözegçilik edýän pozisiýalarynda galarlar, Ermenistan basyp alan Laçin, Kelbejer we Agdam welaýatlaryndan aýyň ahyryna çenli çekiler.

Sebite rus parahatçylyk güýçleriniň ornaşdyrylmagyny öz içine alýan ylalaşyga laýyklykda türk we rus esgerlerinden ybarat gözegçilik merkezi hem dörediler.



Degişli Habarlar