Kovid-19 Täsirini Dowam Etdirýär

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň 38 müň 118, hasaba alynan kesellileriň sany 1 million 356 müň adama ýetdi

1522440
Kovid-19 Täsirini Dowam Etdirýär

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 232 müň 200, wirusa ýoluganlaryň sany 48 million 514 müň, sagalanlaryň sany 34 million 758 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 239 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 9 million 801 müň adama ýetdi.

Kovid-19 Britaniýada 47 mün 742 adamyň ýogalmagyna, 1 million 99 müň adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Koronawirusa garşy görlen çäreleriň çäginde karantin yglan edildi. Karantin 2-nji dekabra çenli dowam eder.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 352 adam artyp 39 müň 764, wirusa ýoluganlaryň sany 30 müň 550 adam artyp 790 müň 377 adama ýetdi. Ýurtda şu günden başlap 3-nji dekabra çenli sagat 22.00 bilen 05.00 aralygynda köçä çykmak gadagan edildi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 38 müň 674, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 543 müň adama ýetdi. Hökümet adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň 2021-nji ýylyň 16-njy fewralyna çenli uzadylmagy barada karar kabul etdi.

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň 38 müň 118, hasaba alynan kesellileriň sany 1 million 356 müň adama ýetdi.

Portugaliýada koronawirus sebäpli 2 müň 694 adam ýogaldy, 156 müň 940 adam hem hasaba alyndy.

Koronawirus Germaniýada 11 müň 28 adamyň ýogalmagyna, 597 müň 359 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Kovid-19 sebäpli Belgiýada 12 müň 126 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 453 müň adamdan geçdi.

Daniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 729, hasaba alynan kesellileriň sany 50 müň 530 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli

Braziliýada 161 müň 170

Meksikada 93 müň 228

Peruda 34 müň 671

Argentinada 32 müň 520

Kolumbiýada 32 müň 13

Çilide 14 müň 340

Ekwadorda 12 müň 704

Kanadada 10 müň 331 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar