Germaniýada Kowid-19 Sebäpli 314-i Türk Jemi 10 Müň 883 Adam Ýogaldy

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 47 million 854 müň, sagalanlaryň sany 34 million 357 müň adamdan geçdi

1521456
Germaniýada Kowid-19 Sebäpli 314-i Türk Jemi 10 Müň 883 Adam Ýogaldy

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 220 müň 530, wirusa ýoluganlaryň sany 47 million 854 müň, sagalanlaryň sany 34 million 357 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 238 müň 641, hasaba alynan kesellileriň sany 9 million 692 müň 528 adama ýetdi.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 353 adam artyp 39 müň 412, wirusa ýoluganlaryň sany 28 müň 244 adam artyp 759 müň 829 adama ýetdi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 4 günde 854 adam artyp 38 müň 289, hasaba alynan kesellileriň sany 1 million 502 müň 763 adama ýetdi.

Koronawirus Daniýada 728 adamyň ýogalmagyna, 49 müň 594 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Germaniýada Kovid-19 sebäpli 314-i türk bolmak bilen jemi 10 müň 883 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 577 müň 131 adama ýetdi.



Degişli Habarlar