ABŞ-da Prezident Saýlawy Geçirildi

Saýlawdan soň geçirilmegi ähtimal protest ýörişleri sebäpli paýtagt Waşintonda Ak Tamyň öňünde berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

1521283
ABŞ-da Prezident Saýlawy Geçirildi

 

ABŞ-da Prezident we Respublikaçylaryň dalaşgäri Donald Tramp bilen demokratlaryň dalaşgäri Jo Baýdeniň arasynda prezident saýlawy geçirildi.

50 ştatda we ABŞ-da tabyn Porto Rikoda 250 milliona golaý saýlawçy, ýurdu 4 ýyl dolandyrjak 59-njy prezidentini saýlamak üçin ses berdi.

Saýlawda, Kongresiň iki ganadyny emele getirýän 435 kürsüli Wekiller Mejlisi bilen 100 agzaly Senatdaky 35 kürsü üçin hem ses berildi.

Sesleriň 100 million 300 müňe golaýy täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli birnäçe ştatda möhletinden ir berildi.

Beýleki tarapdan saýlawdan soň geçirilmegi ähtimal protest ýörişleri sebäpli paýtagt Waşintonda Ak Tamyň öňünde berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.



Degişli Habarlar