Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 123 müň 97 adama ýetdi

Ülkede Kovid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 38 müň 310 adamlyk artyş bilen 8 million 267 müň 623 adama ýetdi

1520664
Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 123 müň 97 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 211 müň 420 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 47 million 327 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 34 million 36 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda soňky 24 sagatda ýene-de 490 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus epidemiýasy sebäpli jemi ýogalanlaryň sany 123 müň 97 adama ýetdi. Ülkede Kovid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 38 müň 310 adamlyk artyş bilen 8 million 267 müň 623 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýda şu günki güne çenli 4 müň 634 adam ýogaldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 49 adamlyk artyş bilen 86 müň 70 adama ýetdi. 

DKTR-da soňky 24 sagatda Kovid-19-a ýolugan adam hasaba alynmady. 


Etiketkalar: #Hytaý , #DKTR , #Hindistan

Degişli Habarlar