Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 31 million 190 müň adamdan geçdi

1514406
Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 142 müň adamdan, wirus ýokanlaryň sany 42 million 3 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 31 million 190 müň adamdan geçdi. 

Yragyň Saglygy goraýyş ministrligi, epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 47 adamyň ýogalandygyny we 3 müň 899 adamyň wirusa ýolugandygyny habar berdi. Ýurtda şeýlelik bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 10 müň 465 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa jemi 442 müň 164 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýene-de 3 adamyň ýogalan Liwiýada, jemi adam ýitgisi 768-e, wirus ýokanlaryň sany bolsa 995 adamlyk artyş bilen 52 müň 620 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Gazada 29 adam ýogaldy, 5 müň 79 adam bolsa Kovid-19-a ýolukdy. Wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy bilen Gazanyň ençeme ýerinde köçä çykmak gadagan edildi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 216 adamlyk artyş bilen 40 müň 760 adama ýetdi. Materikde hasaba alynanlaryň sany soňky 24 sagatda 10 müň 970 adam artyp, 1 million 696 müň 418 adama ýetdi. Afrika materiginde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli iň köp adam ýitgi çeken ýurtlar: Günorta Afrika Respublikasynda 18 müň 843 adam, Müsürde 6 müň 166 adam, Marokkoda 3 müň 132 adam. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Hindistan (117 müň 336), Eýran (31 müň 650), Russiýa (25 müň 242) we Indoneziýa (12 müň 959).



Degişli Habarlar