Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 30 million 939 müň 245 adama ýetdi

1513909
Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 137 müň 195 adama, wirus ýokanlaryň sany 41 million 541 müň 50 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 30 million 939 müň 245 adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 116 müň 681 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 million 708 müň 947 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 25 müň 242 adamyň ýogalan Russiýada, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 463 müň 306 adama ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 52 adam artyp, 10 müň 418 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 müň 667 adamlyk artyş bilen 438 müň 265 adama ýetdi. 

Iordaniýada soňky 24 sagatda ýene-de 29 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 443 adama ýetdi. Ülkede hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 müň 648 adamlyk artyş bilen 43 müň 620 adamdan geçdi. 

Tunisde Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 711 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 44 müň 450 adama ýetdi. Ýurtda döwlet hassahanalardaky agyr keselliler bölümindäki ýerleriň 80 göteriminiň Kovid-19 bilen kesellän adamlar bilen dolandygy habar berildi. 

Afrika materiginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 40 müň 454 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 685 müň 455 adama ýetdi. Afrikada koronawirus epidemiýasy sebäpli iň köp adam ýitgisini çeken ýurtlar: Günorta Afrika Respublikasynda 18 müň 741 adam, Müsürde 6 müň 155 adam, Marokkoda 3 müň 79 adam. 


Etiketkalar: #Afrika , #Russiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar