Ermenistan ýurdyň resmileriniň tankyt edilmegini gadagan etdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, ýurtdaky söweşjeň ýagdaý bilen bagly kararynda käbir üýtgeşmeleri öz düzüminde jemleýän bir kararnama gol çekdi

1506038
Ermenistan ýurdyň resmileriniň tankyt edilmegini gadagan etdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, basyp alyşlygyň astynda bolan Daglyk Garabagdaky front liniýasynda başdan geçirilýän oňaýsyz şertlere garamazdan ýurdyň resmileriniň tankyt edilmegini gadagan etdi. 

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, ýurtdaky söweşjeň ýagdaý bilen bagly kararynda käbir üýtgeşmeleri öz düzüminde jemleýän bir kararnama gol çekdi. 

Täze karara görä, söweşjeň ýagdaý hukugyny ýola goýan döwlet organlary we ýerli resmileriň wekillerini, edilýän gürrüňler bilen hem tankyt edýän, inkär edýän, täsirine şübhe edýän ýa-da başga bir ýagdaý bilen peseldýän sözleriň, beýanatlaryň çap edilmegi gadagan edildi. 

Ermenistanyň we Garabagyň goranyşyna we howpsuzlygyna garşy kampaniýa geçirilmegi, goşunyň goranyş mümkinçiligine şübhe döredýän gepleşikleriň geçirilmegi hem gadagan edildi. 

Ermenistanyň hökümeti, düýn bolsa Russiýanyň "Nowaýa Gazeta" gullugynyň işgäri Ilýa Azaryň akkreditasiýasyny, Daglyk Garabagda taýarlan habarlary sebäpli ýatyrypdy. 



Degişli Habarlar