BMG-den Ermenistana we Azerbaýjana çagyryş
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, metbugat geňeşçisi Stefen Dužarriçiň üsti bilen beýanat berdi
BMG Daglyk Garabagda halkara jemgyýetleriň çagyryşlaryna garamazdan, çaknyşyklaryň dowam edýändigini ýazgaryp, Azerbaýjana we Ermenistana çaknyşyklaryň iň tiz wagtda bes edilmegi barada çagyryş berdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, metbugat geňeşçisi Stefen Dužarriçiň üsti bilen beren beýanatynda, çaknyşyklaryň ulalmagyna we asuda halkyň ýaşaýan ýerleriniň nyşana alynyp hüjüm guralmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi.
Taraplara halkara adam hukuklarynyň çäginde asuda halkyň we raýat infrastrukturasynyň goralmagynyň jogapkärçiliklerini ýatladan Guterriş, halkara jemgyýetleriň çagyryşlaryna garamazdan çaknyşyklaryň dowam etmegini ýazgardy we Azerbaýjana we Ermenistana çaknyşyklary iň tuz wagtda bes etmegi barada çagyryş berdi.
Krizise harby ýollar bilen çözgüt tapylmajakdygyny aýdan Guterriş, sebitleýin we halkara aktýorlara taraplaryň üstündäki täsirlerini ulanyp, çaknyşyklary bes etmeklerini we ÝHHG-nyň Minsk toparynyň wekilleriniň gözegçiligi astynda gepleşiklere gaýdyp gelmeklerini üpjün etmäge çagyrdy.
Degişli Habarlar
!["Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/5ac2/48c2/a801/6672c8f898d4b.jpg?time=1718856506)
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi