Owganystanda Bolan Çaknyşykda Howpsyzlyk Güýçlerinden 9 Adam Ýogaldy

Taliban tarapyndan heniz mesele hakynda hiç hili beýanat berilmedi

1498735
Owganystanda Bolan Çaknyşykda Howpsyzlyk Güýçlerinden 9 Adam Ýogaldy

 

Owganystanyň Bamýan welaýatynda Taliban bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 9 polisiýa işgäri ýogaldy.

Bamýan welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Muhammed Ryza Ýosufi, başbozarlaryň, Bamýanyň Şiber etrabyndaky polisiýa merkezine hüjüm edendigini aýtdy.

Ýosufi, hüjümden soň başbozarlar bilen bolan çaknyşykda 9 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny, 2-niň ýaralanandygyny belledi.

Taliban tarapyndan heniz mesele hakynda hiç hili beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar