Makron: "Lukaşenko wezipesinden çekilmeli" diýdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Belarussiýada 9-njy awgustda geçirilen Prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Aleksandr Lukaşenkonyň wezipesinden çekilmelidigini belledi

1498158
Makron: "Lukaşenko wezipesinden çekilmeli" diýdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Fransuz JDD gazedine beren beýanatynda, Belarussiýada başdan geçirilýänleriň güýç krizisidigini öňe sürdi.

Awtoritar güýçleriň demokratiýanyň logikasyny kabul etmeýändigini we zor bilen hökümetiň başynda galmaga synanyşýandygyny öňe sürüp: "Lukaşenko wezipesinden çekilmeli" diýip belledi. 

Fransiýanyň Belarussiýada parahatçylykly bir geçiş etabynyň bolmagy üçin çagyryş berýändigini aýdan Makron, halkyň ygtyýary göz öňünde tutulyp, dialogyň başladylmalydygyny nygtady. 

Beýleki tarapdan Frannsiýanyň Prezident diwany, Emmanuel Makronyň Latwiýa we Litwa 28-30-njy sentýabr aralygynda gurajak 3 günlük saparynda, Litwa ýerleşen belarussiýaly oppozisioner lider Swetlana Tihanowskaýa bilen duşuşyk geçirip biljekdigini belledi. 



Degişli Habarlar