Terror guramasy ÝPG/PKK Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşdy

ÝPG/PKK-nyň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmek üçin guran hüjümi yza serpikdirildi

1496543
Terror guramasy ÝPG/PKK Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşdy

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň demirgazygynda Parahatçylyk Çeşmesi sebitiniň çäginde ýerleşýän Rasulaýn etrabyna guran hüjümi, Siriýanyň Milli Goşunynyň esgerleri tarapyndan yza serpikdirildi. 

Siriýanyň Milli Goşunyna degişli Hamza güýçlerinden alynan maglumata görä, Ýewfrat derýasynyň gündogarynda basyp alyjylykly hereketlerini dowam etdirýän terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, gije Rasulaýn etrabynyň günortasyndaky Al-Kasimiýýe obasynyň töweregindäki liniýa girmäge synanyşdy. 

Şol sebäpli Siriýanyň Milli Goşunyna degişli esgerler bilen terrorçylaryň arasynda güýçli çaknyşyklar boldy we çaknyşyklaryň netijesinde hüjüm yza serpikdirildi. 

Çaknyşyklarda Siriýanyň Milli Goşuny adam ýitgisini çekmedi. 



Degişli Habarlar