Lukaşenko Kasam Edip Wezipesine Başlady

“Belarus üçin şeýle agyr günleriň başdan geçirilýän döwründe ýurduna we halkyna wepaly bolan ynsanlary terk edip bilmerin”

1496020
Lukaşenko Kasam Edip Wezipesine Başlady

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko prezident saýlawynda ýaňadandan üstünlik gazanmagyndan soň kasam edip wezipesine başlady.

Lukaşenko Garaşsyzlyk köşgünde geçirlen kasam edişlik dabarasynda eden çykyşynda global çökgünligiň bosagasyna gelen ýurtda durmuşyň kadalaşmalydygyny belledi.

Lukaşenko “Belarus üçin şeýle agyr günleriň başdan geçirilýän döwründe ýurduna we halkyna wepaly bolan ynsanlary terk edip bilmerin” diýdi.

Belarusda 1994-nji ýyldan bäri yzly-yzyna 5-nji gezek prezidentlige saýlanan Aleksandr Lukaşenko, 9-njy awgustda geçirlen prezident saýlawynda sesleriň 80,1 göterimi alypdy. Iň ýakyn bäsdeşi Swetlana Tikhanowskaýa bolsa sesleriň 10, 12 göterimi aldy.



Degişli Habarlar