Russiýada Su-30 Harby Uçary Heläkçilige Uçrady

Su-30 uçarlary, awçy uçary hökmünde bilinýär

1495423
Russiýada Su-30 Harby Uçary Heläkçilige Uçrady

 

Russiýanyň Twer welaýatynda Su-30 kysymly harby uçar tälim uçuşyny amala aşyrýarka heläkçilige uçrady.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Su-30 kysymly harby uçaryň tälim uçuşyny amala aşyrýarka Twer welaýatynyň Dornikowo obasynyň golaýynda tokaýlyk meýdanda ýere gaçandygy nygtaldy.

Beýanatda uçaryň ekipažynyň halas bolandygy nygtaldy we heläkçiligiň sebäbi barada maglumat berilmedi.

Rus howa güýçleriniň esasy uçarlaryndan biri bolan Su-30 uçarlary, awçy uçary hökmünde bilinýär.



Degişli Habarlar