“Katar, Palestinanyň Halkyna Goldaw Bermäge Dowam Eder”

“Palestina meselesinde Kataryň tutumynyň üýtgändigi barada öňe sürülýän nädogry garaýyşlary we asylsyz kampaniýalary görmek gynandyryjy”

1494182
“Katar, Palestinanyň Halkyna Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Katar, halkara kararlaryň çäginde, Ysraýylyň Palestinadaky basyp alyşlygyny bes etmegi we paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagy baradaky kararlara goldaw berýändigini mälim etdi.

Käbir Arap köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Amerikaly ýolbaşça esaslanylýan “Kataryň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy kabul edendigi” barada öňe sürülýän garaýyşlar sebäpli, Kataryň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda “Palestina meselesinde Kataryň tutumynyň üýtgändigi barada öňe sürülýän nädogry garaýyşlary we asylsyz kampaniýalary görmek gynandyryjy” diýildi.

Beýanatda, Kataryň Palestina meselesindäki tutumynyň üýtgemändigi nygtaldy we “Ysraýylyň Palestinadaky basyp alyşlygyny bes etmegi we paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagy baradaky kararlara goldaw berýändigimizi ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýildi.

Beýanatda “Katar, Palestinanyň halky ähli hukuklaryna eýe bolýança palestinaly doganlarymyza ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder” diýildi.

Saud Arabystanynyň “Al Arabiýa” kanaly, Kataryň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy üçin ABŞ-na oňyn jogap berendigi bilen arabaglanşykly habara ýer beripdi.



Degişli Habarlar