ABŞ: "Hytaý we Russiýa älem giňişligini söweş meýdanyna öwürdi" diýdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mark Esper, Hytaýyň we Russiýanyň älem giňişligini söweş meýdanyna öwürendigini nygtady

1492684
ABŞ: "Hytaý we Russiýa älem giňişligini söweş meýdanyna öwürdi" diýdi

Russiýanyň älem giňişligine uçuran soňky emeli hemralarynyň raketalary bilen beýleki emeli hemralara hüjüm gurap bilýändigini aýdan Esper: "Hytaý we Russiýa birmahallar parahatçylyk meýdany bolan älem giňişligini, söweş meýdanyna öwürdiler. Älem giňişligini hüjüm edýän emeli hemralary bilen ýaraglandyrydylar" diýip belledi. 

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky kosmos ýaryşlary Wenerada ýaşaýyşyň galyndylaryna gabat gelinmegi bilen has hem artdy.

Weneranyň atmosferasynda diňe mikrobiologiýa gurşawlarynda gabat gelinýän fosfin maddasy tapyldy. 

Açyşdan soň Russiýanyň älem giňişligi guramasy: "Wenera rus şarydyr" diýip habar belledi. 



Degişli Habarlar