ABŞ-daky tokaý ýangynlary dowam edýär

Tramp, Kaliforniýadaky ýangynlary "Uly apat" hökmünde yglan edip, federal derejede kömegiň berilmegini goldady

1489779
ABŞ-daky tokaý ýangynlary dowam edýär

ABŞ-nyň günbataryndaky Kaliforniýa, Oregon we Waşington ştatlarynda soňky 1 aýda 31 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan tokaý ýangynlary dowam edýär

Kaliforniýa, Oregon we Waşington ştatlarynyň gubernatorlary tokaý ýangynlary bilen bagly beýanat berdiler. 

Oregonyň gubernatory Kate Brown, beýleki ştatlardan we federal hökümetden 1 million gektarlyk tokaýy küle öwüren ýangyna garşy göreş maksady bilen goşmaça toparlaryň ugradylmagyny isledi. 

Resmiler Waşington ştatynda 600 müň gektardan gowrak ýeri ýakan ýangynda 1 ýaşyndaky çaganyň ýogalandygyny habar berdiler. 

Tramp, Kaliforniýadaky ýangynlary "Uly apat" hökmünde yglan edip, federal derejede kömegiň berilmegini goldady. 


Etiketkalar: #ABŞ , #tokaý ýangynlary

Degişli Habarlar