Tramp Salmany Aýlag Ýurtlary Bilen Gepleşik Geçirmäge Çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabysnynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1486259
Tramp Salmany Aýlag Ýurtlary Bilen Gepleşik Geçirmäge Çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabysnynyň Şasy Salman Bin Abdulazizi aralaryndaky düşnüşmezlikleri çözmegi üçin Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar gepleşik geçirmäge çagyrdy.

Ak Tamyň mebugat Sekretary Jadd Dir beren ýazmaça beýannamasynda Trampyň şu gün Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berdi.

Telefon söhbetdeşliginde Trampyň Saud Arabystanynyň G20-ä edýän liderliğine öwgüli sözler aýdandygyna üns çekilýän beýannamada; “Prezident Tramp geçen hepde Tel-Awiwden Abu-Dabä taryhy söwda sapary bilen başlan Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky uçar gatnawlary üçin Saud Arabystanynyň howa giňişliginiň açylmagyna kanagatlanma bildirdi” diýilýär.

Trampyň Ysraýyl bilen BAE-niň arasyndaky Abraham ylalaşygyna üns çekendigi we sebitleýin howpsyzlygy hem-de abadançylygy ösdürmek hakynda durup geçendigi barada aýdylýan beýannamada: “Prezident Tramp Saud Arabystanyny aralaryndaky düşnüşmezlikleri çözmegi üçin Aýlag sebitinde ýerleşýän beýleki ýurtlar bilen gepleşik geçirmäge çağyrdy” diýilýär.



Degişli Habarlar