Palestina, Iýerusalimde Ilçihana Açjak Ýurtlar Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Keser

"Palestina, Ierusalimde ilçihana açjak ýada ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny keser"

1486041
Palestina, Iýerusalimde Ilçihana Açjak Ýurtlar Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Keser

Palestina, Iýerusalimde ilçihana açjak ýada Tel Awiwdäki ilçihanasy Iýerusalime göçürjek ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny kesjekdigini habar berdi.

Palestina Azat edijilik guramasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň baş sekretary Saib Ureýkat, Twitterden beren habarnamasynda, Tel Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek barada karar alan Serbiýa bilen Ysraýyly ykrar edip Iýerusalimde ilçihana açjakdygyny aýdylýan Kosowa duýduryş berdi.

Ähli ýurtlara halkara hukugyna sarpa goýmaklary üçin çagyryş beren Ureýkat, “Palestina, Ierusalimde ilçihana açjak ýada ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny keser. Halkara hukugyny basgylamak güýjüň däl eýsem güýçsizliň görkezijisidir” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 4-nji sentýabrda beren beýanatynda, Serbiýanyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürjekdigini, Kosowanyň hem Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrjakdygyny nygtapdy.

Trampyň Ak Tamda beren beýanatynda aýdan sözlerine Serbiýanyň Prezidenti Wujijiň geň galandygy ünsleri özüne çekdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu hem ýurdy bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak barada karar kabul eden Kosowanyň Ysraýylda ilçihana açjakdygyny nygtapdy.



Degişli Habarlar