Indoneziýada 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Demirgazyk Maluku welaýatynda 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1485557
Indoneziýada 5,9 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Meteorologiýa, Klimat we Geofizika guramasy, güýç merkezi welaýatyň Günbatar Halmahera sebitiniň 112 kilometr demirgazyk-günbatarynda, deňiziň içinde bolan ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini habar berdi. 

Sebitdäki Ternate, Sofifi, Tahuna we Manado ýaly ýerlerde duýulan ýer titremede, häzirki wagta çenli adam ýitgisiniň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmedi. 



Degişli Habarlar