Birleşen Arap Emirlikleri Ysraýylda Ilçihana Açar

Birleşen Arap Emirlikleri 3-5 aýyň dowamynda Ysraýylda ilçihana açar

1485113
Birleşen Arap Emirlikleri Ysraýylda Ilçihana Açar

 

Birleşen Arap Emirliklerinden ýokary derejeli ýolbaşçy, ýurdunyň 3-5 aýyň dowamynda Ysraýylda ilçihana açjakdygyny aýtdy.

Ysraýylda çap edilýän “İsrael Haýom” gazetiniň habaryna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan biri, BAE-niň Ysraýylda 3-5 aýyň dowamynda ilçihana açjadygyny we ysraýyllylaryň BAE-den wiza alyp biljekdiklerini nygtady.

Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy, ilçihana bilen birlikde Hafýa we Nasyra şäherlerinde konsullygyň açylmagy baradaky işleriň dowam edýändigini belledi.

Ysraýyl bilen parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyny arzuw edýändiklerini aýdan ýolbaşçy, Ysraýyldaky palestinalylara hem uly ähmiýet berýändiklerini we olary parahatçylygyň esasy agzasy hökmünde görýändiklerini ýatlatdy.

Ysraýylda açyljak konsullygyň palestinalylar üçin hem açyk bolmagyny isleýändiklerini aýdan ýolbaşçy “Konsullygyň ilki Nasyra şäherinde açylmagyny isleýäris. Ýakynda diplomatik wekillhanalarymyzyň haçan açyljakdygy belli bolar” diýdi.



Degişli Habarlar