Gresiýa 10 Milliard Ýewrolyk Ýarag We Harby Enjam Almagy Meýilleşdirýär

"Hökümet ýaragly güýçlerini we ýarag senagatyny güýçlendirmek üçin birnäçe ýurt bilen gepleşik geçirýär"

1483262
Gresiýa 10 Milliard Ýewrolyk Ýarag We Harby Enjam Almagy Meýilleşdirýär

 

Grek hökümeti, ýaragly güýçlerini güýçlendirmek maksady bilen 10 milliard ýewrolyk ýarag we harby enjam almagy meýilleşdirýär.

Grek köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda, Gresiýanyň ýarag satyna almak üçin Fransiýa bilen birlikde beýleki ýurtlar bilen geçirýän gepleşikleriniň dowam edýändigini, bu ugurdaky gepleşikleriň 10-njy sentýabrda Korsika Adasynda geçiriljek ÝB-ne agza Ortaýer deňizi ýurtlarynyň maslahatyna çenli tamamlanmagynyň maksat edinilýändigi ýatladyldy.

 Döwlet ministri Ýorgos Gerapetritis, hökümetiň ýaragly güýçlerini we ýarag senagatyny güýçlendirmek üçin birnäçe ýurt bilen gepleşik geçirýändgini aýtdy.

Ministr Gerapetritis, Gresiýanyň goňşuçylyk gatnaşyklaryna ähmiýet berýändigini we Türkiýe bilen aragatnaşyk saklanmagyna goldaw berýändigini belledi.

 


Etiketkalar: #harby enjam , #ýarag , #Gresiýa

Degişli Habarlar