Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 846 müň 795 adama ýetdi

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 17 million 510 müň 70 adamdan geçdi

1481429
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 846 müň 795 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 846 müň 795 adamdan, wirus ýokanlaryň sany 25 million 170 müň 255 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 17 million 510 müň 70 adamdan geçdi. 

Koronawirus epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren ýurdy bolan ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 186 müň 855 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 6 million 139 müň 78 adama ýetdi. 

Braziliýada ýene-de 758 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 120 müň 498-e ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 846 müň 965 adama ýetdi. 

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 673 adam artyp, 63 müň 819 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 591 müň 712 adama ýetdi. 

41 müň 498 adamyň ýogalan, 332 müň 752 adamyň wirusa ýolugan, epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Matt Hanok, ülkesinde Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sanynyň ýaňadandan artýandygyny belläp: "Öňümizdäki hepde mekdepleriň ýaňadandan açylmagy bilen epidemiýanyň ýaýbaňlanmagyny duruzmakda kynçylyk çekip bileris" diýip belledi. 

Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 30 müň 602 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 272 müň 530 adama ýetdi. Ýurdyň paýtagty Pariž şäherinde Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde dakmak mejbur ýagdaýda bolan maska garşy demonstrasiýa geçirildi. Nation meýdançasynda üýşen takmynan 300 adam, maskanyň mejbur ýagdaýda ulanylmagyny protest etdi. 

Awstraliýada soňky 24 sagatda ýene-de 11 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagy bilen, adam ýitgisi 611-e ýetdi. Ýurtda şu günki güne çenli 25 müň 670 adama wirus ýokdy. 



Degişli Habarlar