Ukraina Belarus Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Wagtlaýyn Saklady

Ukrainanyň Daşary işler ministri, ýurdunyň Belarus bilen edýän gatnaşyklaryny wagtlaýyn saklandygyny mälim etdi

1480697
Ukraina Belarus Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Wagtlaýyn Saklady

 

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dimitro Kuleba, ýurdunyň Belarus bilen edýän gatnaşyklaryny wagtlaýyn saklandygyny mälim etdi.

Kuleba 1+1 kanalyna beren beýanatynda, “Belarus bilen edilýän ähli gatnaşyklar saklandy. Donbas krizisiniň çözülmegi maksady bilen Minskde geçirilýän gepleşikler başga ýerde geçirlip bilner” diýdi.

Belarusda 9-njy awgustda geçirlen prezident saýlawlarynda häzirki prezident Aleksandr Lukaşenkonyň üstünlik gazanmagyndan soň “saýlawda galplyk edilendigi” sebäpli ýurtda protest ýörişleri başlapdy.

Belarus, goňşy ýurtlar Ukrainanyň, Polşanyň we Latwiýanyň başda durmagynda Günbatarly ýurtlary protestlere goldaw bermekde we ýurduň içerki işlerine goşulyşmakda günäkärläpdi.

 


Etiketkalar: #saklamak , #Belarus , #Ukraina

Degişli Habarlar