Gresiýa Italiýa bilen Erkin ykdysady zolak ylalaşygyny tassyklady

Gresiýanyň parlamendi Italiýa bilen Ion deňizi üçin gol çekişilen Erkin ykdysady zolak ylalaşygyny tassykladyGresiýanyň parlamendi Italiýa bilen Ion deňizi üçin gol çekişilen Erkin ykdysady zolak ylalaşygyny tassyklady

1479864
Gresiýa Italiýa bilen Erkin ykdysady zolak ylalaşygyny tassyklady

Parlamentde geçirilen sese goýulşykda, hökümetiň başyndaky Täze Demokrat partiýasy, esasy oppozisiýadaky Syriza we Özgeriş hereket partiýasynyň goldap ses beren ylalaşygyna, Gresiýanyň Komunist partiýasy, Grek çözgüt partiýasy we Mera25 partiýasy garşy ses berdi. 

Ýurdyň Daşary işler ministri Nikos Dendias parlamentde eden çykyşynda, Ion deňizinden soň Krit adasynyň günortasyndada suw giňişlikleriniň 6 deňiz milinden 12 deňiz miline çenli ulaldylmagy meselesini gözden geçirýändiklerini habar berdi. 

Resmi Afiny 9-njy iýunda Italiýa, 6-njy awgustda bolsa Müsür bilen Erkin Ykdysady zolak ylalaşygyny baglaşypdy. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Gresiýa bilen Müsüriň arasyndaky Erkin Ykdysady zolak ylalaşygy bilen baglanşykly: "Baglaşylandygy aýan edilen deňiz giňişliginiň ygtyýarynyň çäklendirilmegi bilen bagly ylalaşyk, Türkiýe üçin ýok hökmündedir. Bu düşünjämiz hem meýdanda hem-de gepleşikler stolunda orta goýular" diýip belledi. 



Degişli Habarlar