Owganystanyň paýtagty Kabulda 3 aýry bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde guralan 3 aýry bombaly hüjümde 1 adam ýogaldy

1477309
Owganystanyň paýtagty Kabulda 3 aýry bombaly hüjüm guraldy

Kabulyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Firdews Faramarz, Kabulyň Çilston, Hangara we Kampani diýilen ýerlerinde 3 aýry bombaly hüjümiň guralandygyny habar berdi.

Faramarz, hüjümlerde 1 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #Owganystan , #bomba , #hüjüm , #Kabul

Degişli Habarlar