Owganystanyň Gazna welaýatynda ýene-de hüjüm guraldy

Owganystanyň Gazna welaýatynda guralan bombaly hüjümde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy

1477689
Owganystanyň Gazna welaýatynda ýene-de hüjüm guraldy

Gazna welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Wahidullah Jumazada metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Gazna welaýatynyň Çagatu etrabynyň Derei Kyýak diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partladylandygyny habar berdi. 

Jumazada partlamada aralarynda çagalar hem bolan asuda ilatdan jemi 7 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.



Degişli Habarlar