Russiýa ÝB-niň Belarusa Sanksiýa Goýmak Hakyndaky Kararyny Reaksiýa Bildirdi

Peskow Russiýanyň içeri işlerine daşardan goşulyşýanlaryň bardygyny beýan etdi

1476461
Russiýa ÝB-niň Belarusa Sanksiýa Goýmak Hakyndaky Kararyny Reaksiýa Bildirdi

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow prezident saýlawlaryndan soň Belarusdaky şertler sebäpli ÝB-niň sanksiýa goýmak hakynda karar kabul etmegine reaksiýa bildirdi.

Kremliň ÝB bilen Belarus meselesinde dialogyň dowam edýändigini ýatladan Peskow, emma muňa garamazdan ÝB-nin düýn Belarus hakynda kabul eden sanksiýa kararyny “çykgynsyzlyk” hökmünde häsýetlendirdi.

Peskow: “Emma düýn ÝB-nin beýan edilen pozisiýasynda belli “kanuny çykgynsyzlygyň” bardygyny görýäris. Belarusdaky wakalara daşarky täsiriň kabul edilmesizligi boýunça pozisiýamyzy degişli taraplara beýan edýäris” diýdi.

Belarusyn içeri işlerine goşulyşylýandygyny öne süren Peskow: “Şol güýçleriň we ýurtlaryň kimdigini aýdyp biljek däl. Gönüden we aýlawly görnüşde goşulyşmanyň bardygyny nygtaýarys. Bu meselä alada bildirýäris. Belarusdaky meseleriň kanunlara laýyklykda belarus halkynyň dialog arkaly çözmelidigine ynanýarys” diýdi.

Peskow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Belarusyn döwlet Ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenkonyň Belarusa daşardan çäre görülme meselesini ýygy-ýygydan ara alyp maslahatlaşýandygyny beýan etdi.

Kremlden berilen ýazmaça beýannamada Putinin ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ÝB-niň Belarus hakynda kabul eden kararlary boýunça pikir alyşandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar