Tramp: "Erdogan bilen örän gowy gatnaşyklarymyz bar" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp: "Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen örän gowy gatnaşyklarymyz bar" diýip belledi

1475956
Tramp: "Erdogan bilen örän gowy gatnaşyklarymyz bar" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryň üstünde durup geçdi. 

Tramp, ertir Yragyň Premýer ministri Mustafa al-Kazymi bilen geçirjek duşuşygy bilen bagly soraga: "Yrakdan aglaba esgerimizi yza çekdik. Bu manysyz, soňy bolmaýan söweşlerden çykýarys. Aslyna garanyňda iň başynda ol ýere barmaly däldik. Meniň pikirimçe ol ýere gitmek taryhymyzda berilen iň erbet karar boldy, ýurdumyz Ýakyn Gündogara hiç barmaly däldi" diýip jogap berdi. 

ABŞ-nyň Owganystan we Siriýa ýaly ýurtlardan hem esgerlerini yza çekendigini aýdan Tramp: "Siriýa bilen Türkiýäniň arasynda esgerlerimizi çeken mahalym bolan zatlary pikir ediň. Her kim bu elhenç diýip belledi. Türkiýe çürt-kesik öz işiniň hötdesinden gelip biler. Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen örän gowy gatnaşyklarymyz bar" diýip habar berdi. 

Tramp, her kimiň Siriýadan çyksa apat boljakdygyny aýdandygyny nygtap, emma ol ýerde hiç hili apatyň bolmandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar