Pakistan, palestinalylar öz hukuklaryna eýe bolmazdan Ysraýyly ykrar etmez

“Ysraýyl hakyndaky garaýşymyz üýtgemedi. Palestinalylar öz hukuklaryna eýe bolmazdan Ysraýyly ykrar etmeris”diýdi

1475527
Pakistan, palestinalylar öz hukuklaryna eýe bolmazdan Ysraýyly ykrar etmez

 

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han, palestinalylar öz hukuklaryna eýe bolmazdan Ysraýyly ykrar etmejekdiklerini aýtdy.

Imran Han wezipesinde ikinji ýylyny tamamlandygy sebäpli ýerli telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak baradaky karary hakynda durup geçdi we Pakistanyň Ysraýyly ykrar etmek ýaly niýetiniň ýokdygyny belledi.

Pakistanyň esaslandyryjysy Muhammed Ali Jinnahyň Palestina gowgasyna şertsiz goldaw berendigini nygtan Han “Ysraýyl hakyndaky garaýşymyz üýtgemedi. Palestinalylar öz hukuklaryna eýe bolmazdan Ysraýyly ykrar etmeris”diýdi.



Degişli Habarlar