"Gündogar Ortaýer deňizi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny teklip edýärin”

"Sentýabr aýynyň 24-25-i aralygynda Gündogar Ortaýer deňizi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny teklip edýärin”

1474637
"Gündogar Ortaýer deňizi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny teklip edýärin”

 

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, agza ýurtlaryň liderlerine, Gündogar Ortaýer deňizi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin sentýabr aýynyň 24-25-i aralygynda maslahatyň geçirilmegini teklip etdi.

Mişel, ÝB-ne agza ýurtlaryň liderlerine şu gün geçiriljek “Belarus” temaly wideo konferensiýa hakynda hat ýazdy.

Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň, Belarusda geçen hepde geçirlen saýlawdan son başdan geçirilýän wakalary we Gündogar Ortaýer deňizindäki soňky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşandyklaryny ýatladan Mişel, Belarus saýlawlarynyň adalatly we erkin ýagdaýda geçirilmändigini öňe sürdi.

Mişel saýlawdan soň başlan protest ýörişlerinde demonstratlara garşy aşa güýç ulanylmagynyň ýazgarylmalydygyny belledi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleriniň şu günki wideo konferensiýada, Belarusda başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşjakdygyny nygtan Mişel, hatynyň ahyrynda liderlere Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde maslahatyň geçirilmegini teklip etdi.

Mişel “2020-njy ýylyň sentýabr aýynyň 24-25-i aralygynda bir ýere jemlenşip Gündogar Ortaýer deňizi meselesiniň sentýabr aýynyň 24-25-i aralygynda bir ýere jemlenşip Gündogar Ortaýer deňizi meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny teklip edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar