Grek Goşunlary Türk Obasynyň GonamçylygyndaTürgenleşik Geçirdi

“Hiç zatdan habary bolmadyk halkymyz ýaragly esgerleri görüp, gorkdy we aladalandy”

1473176
Grek Goşunlary Türk Obasynyň GonamçylygyndaTürgenleşik Geçirdi

 

Gresiýanyň türk azlygynyň köpçülikleýin ýaşaýan Mustafçowa etrabynyň Gökçepynar obasynda ýaragly türgenleşik geçiren grek goşunlary obanyň halkynda gorky döretdi.

Mustafçowa etrabynyň häkimi Rydwan Delihüseýin merkezi Iskeçede ýerleşýän 4-nji harby korpusa degişli esgerleriň öňňin Gökçepynar obasynyň içinde we oba gonamçylygynda ýaragly tälim hem-de türgenleşik geçirendigini aýtdy.

Etrabyň we obanyň halkyna türgenleşik hakynda maglumat berilmändigine ünsi çeken Delihüseýin obanyň ilatynyň ertiriň irki sagatlarynda ýaragly esgerleri görüp, geň galandygyny beýan etdi.

Mundan ozal beýle zadyň bolmandygyny aýdan Delihüseýin: “Hiç zatdan habary bolmadyk halkymyz ýaragly esgerleri görüp, gorkdy we aladalandy” diýdi.

Gökçepynar obasynyň ymamy Erkan Azizogly bolsa sosial media hasabyndan beren habarnamasynda, waka reaksiýa bildirdi.

Azizogly Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynly pursatlaryň başdan geçirilýän günlerinde grek harby bölümleriniň Gökçepynar obasynyň içinde türgenleşik geçirmeginiň obalylary çuňňur gynandyrandygyny nygtady.

Günbatar Frakiýa Türkleriniň Ýewropa Federasiýasyndan berilen beýannamada bolsa Gökçepynarda başdan geçirilen wakanyň adam we azlyk hukuklaryny basgylaýan masgaraçylykdan ybaratdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar