“Esasy Mesele Sanjymyň Ynamly we Peýdaly Bolmagy”

Russiýanyň Prezidenti Putin Kowid-19-yň Sanjymynyň Bellige Alynandygyny Beýan Edipdi

1471247
“Esasy Mesele Sanjymyň Ynamly we Peýdaly Bolmagy”

ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministri Aleks Azar Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdunyň koronawirusyň sanjymynyň bellige alynandygyny beýan etmegi hakda garaýyş beýan etdi.

Ministr Azar: “Esasy mesele sanjymy tapmak däl. Esasy mesele şol sanjymyň Amerikan we dünýä halklary üçin ynamly we peýdaly bolmagy” diýdi.

Azar “ABJ” ýaýalymyna gatnaşyp, Putiniň Kowid-19-yň sanjymy hakda beren beýannamasyny analiz etdi.

Sanjymyň 3 sany kliniki synag tapgyryndan hem üstünlik bilen geçendigini görkezýän aç-açan görkezijileriň bolmalydygyna ünsi çeken Aleks Azar: “Esasy mesele sanjymy tapmak däl. Esasy mesele şol sanjymyň Amerikan we dünýä halklary üçin ynamly we peýdaly bolmagy” diýdi.

Ministr Azar ABŞ-nyň ýylyň ahyryna çenli onlarça million sanjym öndürmek üçin tagalla edýandigini we sanjym bilen bagly barlaglaryň 3 synag tapgyrynda hem geçendigini nygtady.

Putin wideokonferensiýa usulynda resmiler bilen geçiren maslahatynda koronawirus sanjymy boýunça ýurdunda alynyp barylýan işler hakynda beýannama berip; “Mälim bolşy ýaly dünýäde ilkinji gezek koronawirus sanjymy bellige alyndy. Sanjym sagdym immunitet ulgamyny emele getirýär we degişli ähli synaglardan geçdi” diýipdi.



Degişli Habarlar