Dünýäde koronawirus ýokanlaryň sany 20 million 258 müň 243 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 13 million 189 müň 392 adama ýetdi

1470763
Dünýäde koronawirus ýokanlaryň sany 20 million 258 müň 243 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 738 müň 965 adama, wirus ýokanlaryň sany 20 million 258 müň 243 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 13 million 189 müň 392 adama ýetdi. 

Wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň köplügi boýunça dünýäde 3-nji orunda duran Hindistanda, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 45 müň 361 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 269 müň 52 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda Afrika materginde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 319 adamlyk artyş bilen 23 müň 643 adama ýetdi, wirus ýokanlaryň sany bolsa 8 müň 914 adam artyp 1 million 61 müň 98 adama ýetdi. Afrika materiginde şu günki güne çenli iň köp adam ýitgisi 10 müň 621 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 35 adam bilen Müsürde we 1312 adam bilen Alžirde bellige alyndy. Afrikada koronawirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 747 müň 414 adamdan geçdi. 



Degişli Habarlar