ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 166 müň 192 adama ýetdi

ABŞ-da wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 million 251 müň 446 adama ýetdi

1471018
ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 166 müň 192 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 739 müň 526 adama, wirus ýokanlaryň sany 20 million 275 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 13 million 201 müň adama ýetdi. 

Epidemiýanyň güýç merkezi bolan ABŞ-da ýogalanlaryň sany 166 müň 192 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 5 million 251 müň 446 adama ýetdi. 

Koronawirusyň Günorta Amerika materigindäki güýç merkezi bolan Braziliýada, soňky 24 sagatda ýene-de 703 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 101 müň 857-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 22 müň 48 adam artyp, 3 million 57 müň 470 adama ýetdi.  

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 705 adam artyp, jemi 53 müň 3 adama ýeten bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 558 adam artyp, 485 müň 836 adama ýetdi. 

Peruda wirus sebäpli adam ýitgisi 21 müň 276-a, wirus bardygy hasaba alynanlaryň sany bolsa 483 müň 133 adama ýetdi. 

Çilide koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 10 müň 139 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 375 müň 44 adama ýetdi. 

Şu günki güne çenli 88 adamyň ýogalan we 3 müň adama wirus ýokan Kubada, Kovid-19 bilen bagly gadagançylyklarynyň ortadan aýrylmagy bilen soňky 24 sagatda ýene-de 93 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. Köpçülikleýin transport serişdeleri bes edildi, plažlara girmek ýaňadandan gadagan edildi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 46 müň 526 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 311 müň 641 adama ýetdi. 

Italiýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 35 müň 209 adam ýogaldy, 250 müň 825 adam bolsa hasaba alyndy. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli Fransiýada 30 müň 340 adam, germaniýada bolsa 9 müň 265 adam ýogaldy. 

Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynda Kovid-19 sebäpli bejergi alýan ýene-de 19 adamyň ýogalandygy aýan edildi. Şeýlelik bilen ýurtdaky adam ýitgisi 322-ä ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Ispaniýada 28 müň 576 adam, Kolumbiýada 13 müň 154 adam, belgiýada 9 müň 879 adam, Kanadada 8 müň 987 adam, Gollandiýada 6 müň 157 adam, Ekwadorda 5 müň 932 adam, Şwesiýada 5 müň 766 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar