Liwanyň Adalat ministri wezipesinden çekildi

Liwanyň Adalat ministri Mari Kloud Nejm, Beýrut portyndaky güýçli partlamadan soň wezipesinden çekildi

1470357
Liwanyň Adalat ministri wezipesinden çekildi

Liwanyň Adalat ministri Mari Kloud Nejm, Beýrut portynda geçen hepde bolan güýçli partlamadan soň şu gün soňky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilmegine garaşylýan Ministrler kabinetiniň mejlisinden ozal wezipesinden çekilendigini habar berdi. 

Beýrut portyndaky partlama we paýtagtda geçirilen protestler sebäpli bu karara gelendigini aýdan Nejm, düýn wezipelerinden çekilen Maglumatlar ministri Menal Abdussamed we Daşky gurşaw ministri Damianos Kattardan soň Premýer ministri Hassan Diýaba wezipesinden çekilýändigi barada arzasyny beren 3-nji ministr boldy. 

Beýrut portynda bolan partlama nägilelik bildirmek maksady bilen ministrler bilen birlikde şeýle hem 6 deputat hem wezipesinedn çekildi. 

Beýrut portynda 4-nji awgustda partlaýjy maddalaryň ýerleşýän 12 belgeli ammarda ilki bilen ýangyn ýüze çykdy, soň bolsa bütin Beýrudy sarsan güýçli bir partlama boldy. Partlamada ýogalanlaryň sany 158 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 6 müň adamdan geçdi. 



Degişli Habarlar