ÝB Liwana birinji etapda 33 million ýewrolyk kömek berer

Bu agyr günlerde ähli syýasy güýçler bilelikde hereket etmeli. ÝB Liwana goldaw bermäge dowam eder”

1468162
ÝB Liwana birinji etapda 33 million ýewrolyk kömek berer

 

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon der Leýen, Liwana ilkinji etapda 33 million ýewrolyk kömek berjekdiklerini aýtdy.

ÝB Komissiýasyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Ursula Fon der Leýen, paýtagt Beýrutda 4-nji awgustda bolan partlamadan soň Liwanyň Premýer ministri Hassan Diýab bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

İlkinji etapda 100 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň ugradylandygyny aýdan Leýen, ÝB-niň Liwana birinji etapda 33 million ýewrolyk ýardam berjekdigini we paýtagt Beýrudyň ýaňadandan dikeldilmegi işlerine hem goşant goşmaga taýardyklaryny belledi.

Fon der Leýen, Liwanyň syýasy durnuklylygynyň hem möhümdigine ünsi çekip “Bu agyr günlerde ähli syýasy güýçler bilelikde hereket etmeli. ÝB Liwana goldaw bermäge dowam eder” diýdi.


Etiketkalar: #Liwan , #kömek , #goldaw bermek , #ÝB

Degişli Habarlar