Ýewropa Liwana kömek bermek barada karar kabul etdi

Ýewropa Bileleşigi Beýrutdaky partlama sebäpli Liwana kömek ugratmak barada karar kabul etdi

1467603
Ýewropa Liwana kömek bermek barada karar kabul etdi

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Komissiýasynyň Krizis dolanşyk bölüminiň jogapkär agzasy Ýanez Lenarçiç, ilkinji ädim hökmünde Liwanyň ýolbaşçylarynyň talabyna laýyklykda ÝB Raýat goranyş mehanizmini durmuşa geçirmäge başlandyklaryny habar berdi. 

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Komissiýasynyň Krizis dolanşyk bölüminiň jogapkär agzasy Ýanez Lenarçiç: "ÝB Raýat goranyş mehanizmi häzirki wagtda ulaglary bilen birlikde tejribeleri ýokary bolan 100 ýangyn söndürijini, halas ediş işleri üçin ýörite itler bilen gyssagly ýagdaýda ugradylmagyny öz içine alýar. Şol adamlar wakanyň bolan ýerinde adamlary halas etmek üçin Liwanyň toparlary bilen bilelikde işleşerler" diýip mälim etdi. 

Ýanez Lenarçiç, halas ediş operasiýasyna Gollandiýa, Gresiýa we Çehiýa ýaly ýurtlaryň gatnaşjakdygyny, Fransiýa, Polşa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň bolsa mehanizmiň üsti bilen kömek bermek barada teklip hödürlediler. 

Ýanez Lenarçiç, mundan başgada Beýrutdaky ýitgileriň anyklanmagy üçin Liwanyň ýolbaşçylaryna goldaw bermek maksady bilen ÝB-nyň Kopernik emeli hemra karta ulgamyny herekete geçirendiklerini aýan etdi. 



Degişli Habarlar