Britaniýa: "Türkiýe dynç almaga gidip boljak ýaşyl ýurtlaryň biri"

Britaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dominik Çilkott, iňlis turistleriň Türkiýede dynç almakdan bagtyýardygyny belledi

1466337
Britaniýa: "Türkiýe dynç almaga gidip boljak ýaşyl ýurtlaryň biri"

Britaniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dominik Çilkott, Britaniýadan Türkiýä guralýan uçar saparlarynyň dowam edýändigini belläp: "Iýun aýynyň ahyrynda Britaniýanyň hökümeti syýahatçylyk maslahatyny täzeledi. Şol günden soň birnäçe ýurdyň howpsuzdygyny, iňlis turistleriň şol ýurtlara syýahat edip biljekdikleri barada karara gelindi. Olar koronawirus epidemiýasyny gözegçilik astyna alan ýurtlardy. Türkiýe şol ýurtlaryň biridi. Ýagny gidip boljak ýaşyl ýurtlaryň biri we Türkiýe syýahat edip boljak ýurtlaryň sanawyna girdi" diýip habar berdi. 

Dominik Çilkott, Kovid-19 karantin düzgünlerini gözden geçirendiklerini, ilkinji tapgyrda bolan Türkiýä syýahat etjek iňlis turistleriň dynç alyşdan soň karantin astyna alynmajakdygyny mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar