Tramp: “TikTok-y ABŞ-da gadagan ederis” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, merkezi Hytaýda ýerleşýän sosial media platformasy TikTok-y gadagan etmek üçin kararnama gol çekjekdigini mälim etdi

1465451
Tramp: “TikTok-y ABŞ-da gadagan ederis” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Florida ştatyna guran saparyndan soň paýtagt Waşingtona gaýdyp gelýärkä uçarda beýanat berdi.

TikTok-a garşy görüljek çäreleri eýýäm ençeme wagt pikir edendiklerini aýdan Tramp: “TikTok-y ABŞ-da gadagan ederis” diýip belledi.

Häzirki wagtda gyssagly meseläniň ykdysady ygtyýarlarydygyny aýdan Tramp, TikTok-y gadagan etmek üçin ýa şol ygtyýaryny ulanjakdygyny ýa-da Prezident kararnamasyna gol çekjekdigini mälim etdi.


Etiketkalar: #TikTok , #Donald Tramp , #ABŞ

Degişli Habarlar