Yrakda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy

Hökümet tarapyndan bolsa mesele hakynda heniz hiç hili beýanat berilmedi

1462552
Yrakda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy

 

Yragyň paýtagty Bagdatda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde düýn agşam howpsyzlyk güýçleriniň ot açmagy sebäpli 2 adam ýogaldy.

Ýerli çeşmeleriň we şaýatlaryň berýän maglumatyna görä, paýtagt Bagdadyň merkezi Tahrir meýdanynda ýaňadandan başlan protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleri hakyky gülle ulandy. Wakada 2 adam ýogaldy, onlarça adam hem ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleriniň, ýogalanlaryň we ýaralananlaryň golaýdaky hassahanalara alnyp gidilmegi üçin gelen tiz kömek ulaglarynyň meýdana girmegine rugsat bermändigi nygtalýar.

Hökümet tarapyndan bolsa mesele hakynda heniz hiç hili beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar