Filippinlerde harby dikuçar ýere gaçdy

Wakada 4 adam ýogaldy

1461378
Filippinlerde harby dikuçar ýere gaçdy

Filippinlerde gije şertlerinde tälim uçuşyny ýerine ýetirmek üçin howa bazasyndan ýola çykan, düzüminde 5 adam bolan harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy. 

Ýurdyň metbugatynda berilen habrlara görä, Izabela şäherindäki Kauaýan howa bazasyndan gije şertlerinde tälim uçuşyny ýerine ýetirmek üçin ýola çykan harby dikuçar uçanyndan gysga wagt soň ýere gaçdy. 

Filippinleriň Harby-howa güýçleriniň metbugat sekretary Edgard Arawelo, wakda 2-si uçarman jemi 4 adamyň ýogalandygyny we 1 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Dikuçaryň näme sebäpli ýere gaçandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #dikuçar , #Filippinler

Degişli Habarlar