Serbiýa, Ermenistana ýarag ugrandygyny boýun aldy

"Maý we iýun aýlarynda iki gezek Emenistana ýarag ugradyldy. Ýaraglaryň jemi gymmaty 1 million ýewrodan az”

1459842
Serbiýa, Ermenistana ýarag ugrandygyny boýun aldy

Serbiýanyň Söwda we syýahatçylyk ministri Rasim Lžažiç, ýurdunyň Ermenistana ýarag ugradandygyny boýun aldy.

Ministr Rasim Lžažiç paýtagt Belgratda beren beýanatynda, hususy firma tarapyndan şu ýyl Ermenistana ýaragyň ugradylandygyny aýtdy.

Rasim Lžažiç “Hususy firmanyň ady barada doly maglumat berip bilmerin. Maý we iýun aýlarynda iki gezek Emenistana ýarag ugradyldy. Ýaraglaryň jemi gymmaty 1 million ýewrodan az” diýdi.

Azerbaýjan bilen ýurdunyň arasyndaki gatnaşyklara zeper ýetirilmegini islemeýändikerini nygtan Rasim Lžažiç “Milli firmalar tarapyndan hiç hili ýarag ugradylmady.  Resmi taýdan haýsydyr bir ýaragyň ugradylmagy üçin Daşary işler, Goranmak we İçeri işler ministrlikleri bilen Howpsyzlyk gullugyndan rugsat alynmaly” diýdi.

Rasim Lžažiç, Ermenistana garşy halkara guramalar tarapyndan haýsydyr bir embargonyň goýulmandygyny ýatlatdy.

Beýleki tarapdan hepdäniň başynda, Serbiýanyň Azerbaýjandaky geňeşçi ilçisi Danitsa Weinowiç, Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde çaknyşyklaryň dowam edýän günlerinde  Serbiýanyň Ermenistana ýarag ugradandygy sebäpli Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligine çagyrlypdy.



Degişli Habarlar