Liwiýanyň Mejlisi Müsüriň Mejlisine Reaksiýa Bildirdi
“Liwiýa harby operasiýa guramaga” ygtyýar berýän karary tassyklan Müsüriň Mejlisine reaksiýa bildirildi
Liwiýanyň Mejlisi Müsüriň Prezidenti Abdulfattah As Sisä “Liwiýa harby operasiýa guramaga” ygtyýar berýän karary tassyklan Müsüriň Mejlisine reaksiýa bildirdi
Liwiýanyň paýtagt Tripolidäki Mejlisinden berilen ýazmaça beýannamada: “Müsüriň Mejlisiniň “mejlis” adynyň aňyrsyna bukulýan we Liwiýadaky tire-taýpalara wekilçilik edýändiklerini öňe sürýänleriň legal bolmadyk çagyryşyna esaslanýan karary kabul etmeýäris” diýilýär.
Müsüriň Mejlisiniň kararyny gyssagly ýazgarmak üçin çagyryş edilýän beýannamada, Liwiýanyň höklümetinden hem “şol howpa syýasy we iş ýüzünde jogap bermek üçin taýarlyk görmegi we degişli gaýtawulyň görkezilmegi üçin ähli alternatiwleriň seljerilmegi” islenýär.
Beýannamada; “Liwiýa Müsüriň milli howpsyzlygyna wehim abandyrmaýandygyna garamazdan Müsüriň Mejlisi harby operasiýa guramak üçin haýbat atýar” diýilýär.
Liwiýanyň Içeri işler ministri Fethi Başaga bolsa Müsüriň Mejlisiniň As Sisä “Liwiýa harby operasiýa” guramaga ygtyýar bermegini “uruş yglan etmek” hökmünde häsýetlendirdi.
Fethi Başaga Twitter hasabyndan beren habarnamasynda: “Müsüriň Mejlisiniň ýaragly güýçlerini günbatar serhetleriniň daşyna ugratmak üçin beren tassyknamasy Liwiýa uruş yglan etmekdir we Arap bileleşiginiň hem-de BMG-niň şertnamalaryny bozmakdyr” diýip ýazdy.
Ministr Başaga: “Serhetlerimiziň çäklerindäki daşarky güýji duşman güýç diýip häsýetlendireris. Milletimiziň özygtyýarlylygyny, howpsyzlygymyzy we azatlygymyzy goramakda egilşik etmejekdigimizi yglan edýaris” diýdi.
Müsüriň Mejlisi öňňin Prezident Sisä “ýurduň milli howpsyzlygyny üpjün etmek üçin degişli ähli çäreler görmäge ygtyýar bermek” hakyndaky taslamany tassyklapdy.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy
Boko Haram tarapyndan zamun alynan 2-si çaga, 41-i zenan jemi 99 adamyň boşadylandygy ýatladyldy.