Yragyň Premýer ministri resmi sapar bilen Tährana bardy

Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazymi ilkinji daşary ýurt saparyny Eýrana guraýar

1459076
Yragyň Premýer ministri resmi sapar bilen Tährana bardy

Kazymi MEhrabad howa menzilinde Eýranyň Energetika ministri Ryza Erdekaniýan tarapyndan garşylandy.

Kazyminiň Tährandaky saparynyň çäginde Eýranyň dini Lideri Ali Hamaneý, Prezidentiň birinji orunbasary İshak Jihangiri, Mejlisiň Başlygy Muhammed Bakyr Kalibaf, Milli howpsyzlyk boýunça Ýokary geňeşiň Baş sekretary Ali Şamhani we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Kazyma Daşary işler ministri Fuad Hüseýin, Nebit ministri İhsan Abduljabbar, Elektrik ministri Majid Mehdi Ali, Maliýe ministri Ali Allawi, Goranmak ministri Juma İnad, Saglygy goraýyş ministri Hasan Temimi we Milli howpsyzlyk edarasynyň ýolbaşçysy Kasym Araji ýoldaşlyk edýär.

Kazyminiň daşary ýurda ilkinji saparyny düýn Saud Arabystanyna guramagyna garaşylýardy, emma sapar Şa Salman Bin Abdulaziziň hassahana ýatyrylmağy sebäpli yza süýşürilipdi.



Degişli Habarlar