ABŞ-nyň Tehas ştatynda 1 ýaşyndan kiçi 85 bäbege Kovid-19-yň ýokandygy anyklandy

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 8 million 631 müň adamdan geçdi

1457743
ABŞ-nyň Tehas ştatynda 1 ýaşyndan kiçi 85 bäbege Kovid-19-yň ýokandygy anyklandy

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 605 müň 377 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 14 million 447 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 8 million 631 müň adamdan geçdi.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 142 müň 881 adamyň ýogalan, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 833 müň adama ýeten ABŞ-da, ýurdyň Tehas ştatynda 1 ýaşyndan kiçi 85 bäbegiň Kovid-19-a ýolugandygy mälim edildi. Bäbekleriň Kovid-19-a nähili ýagdaýda ýolugandygy barada bolsa maglumat berilmedi.

Braziliýada soňky 1 günde ýene-de 921 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 78 müň 817 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 78 müň 772 adam artyp, 2 million 75 müň adama ýetdi.

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 578 adam artyp, 38 müň 888 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 müň 615 adamlyk artyş bilen 338 müň 913 adama ýetdi.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 45 müň 273 adam ýogalan we wirusa ýoluganlaryň sany 294 müň 66 adama ýeten Britaniýada, Premýer ministri Boris Jonson Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde ýurt derejesinde 2-nji bir köpçülikleýin karantin düzgünlerini berjaý etmäge zerurulygyň bolmajakdygyny belledi.

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 14 adam ýogaldy. Şeýlelik bilen ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 35 müň 42 adama ýetdi. Italiýada täze görnüş koronawirusa ýene-de 249 adamyň ýolugandygy anyklandy.

Ispaniýada anna güni aýan edilen soňky görkezijilere görä, Kovid-19 sebäpli şu günki güne çenli 28 müň 420 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 260 müň 255 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli 9 müň 800 adamyň ýogalan Belgiýada, Milli Halk saglygy goraýyş instituty tarapyndan hepdelik çap edilýän görkezijilere görä, 9-15-nji iýul aralygynda ýurtda koronawirusa ýene-de 615 adam ýolukdy. Şeýlelik bilen Belgiýada wirusa ýoluganlaryň sany 63 müň 706 adama ýetdi. 

Awstraliýanyň Melburn şäherinde soňky 24 sagatda ýene-de 3 adamyň koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalmagyndan soň, maska geýmeklik mejbur ýagdaýa getirildi. Awstraliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany şeýlelik bilen 122 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: Fransiýada 30 müň 152 adam, Peruda 12 müň 998 adam, Germaniýada 9 müň 162 adam, Kanadada 8 müň 848 adam, Çilide 8 müň 445 adam, Kolumbiýada 6 müň 516 adam, Gollandiýada 6 müň 136 adam, Şwesiýada 5 müň 619 adam, Argentinada 2 müň 220 adam, Boliwiýada 2 müň 106 adam we Filippinlerde 1831 adam. 



Degişli Habarlar