Peskow Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky uçar saparlary bilen bagly beýanat berdi

Peskow, Putin bilen Erdoganyň arasynda 13-nji iýulda telefon söhbetdeşliginiň geçendigini ýatlatdy

1455733
Peskow Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky uçar saparlary bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda geçen telefon söhbetdeşligi bilen bagly degişli guramadyr-edaralara iki ýurdyň arasyndaky uçar saparlarynyň ýaňadandan başladylmagy babatynda gepleşikleriň geçirilmegi üçin buýruk berendigini habar berdi. 

Russiýanyň RIA habarlar agentligine beýanat beren Peskow, Putin bilen Erdoganyň arasynda 13-nji iýulda telefon söhbetdeşliginiň geçendigini ýatlatdy. 

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurdyň arasyndaky uçar saparlarynyň ýaňadandan başladylmagy bilen bagly meseläniň ele alynandygyny aýan eden Peskow: "Iki lider degişli guramadyr-edaralara gepleşikleriň başlamagy barasynda buýruk berdi" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar